Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ykdysadyýet ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Bu ulgamda Türkmenistan Watanymyz halkara gatnaşyklarynda hem dünýäniň ençeme ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Muňa ýaňy ýakynda hormatly Prezidentimiziň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly eden çykyşy hem aýdyň mysaldyr. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumda häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda geljegi nazarlaýan Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy ykdysady ulgama bütindünýäde örän uly ähmiýet berilýändigini we bu babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Forumda hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit we dünýä derejesindäki netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň hem-de oňyn başlangyçlar ýörelgesini tassyklamak bilen ýurdumyzyň bu babatda ýokary derejeli maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu foruma Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek üçin möhüm halkara binýat hökmünde seredýändigini, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen üstünlikli özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde garaýandygyny anyk nygtap geçdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary goldaýandygyny hem belledi. Munuň özi Ýewraziýa kontinentinde durnukly ösüşiň maksatnamalaryny hem-de strategiýalaryny emele getirmekde we amala aşyrmakda köp meňzeşligiň bardygynyň aýdyň görkezijileridir.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň hakykaty pandemiýa garşy bilelikde göreşmek hem-de onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýar. Ýöne bu ählumumy howpuň öňünde duran dünýä bileleşiginiň bu wehime öz wagtynda netijeli göreşip bilmändigini bellemek gerekdigini hem-de dünýäniň ähli döwletleriniň aň-bilim, maddy, maliýe we beýleki serişdelerini birleşdirmegiň bu çökgünlik ýagdaýyny üstünlikli ýeňip geçmegiň ýeke-täk usulydygyny hormatly Prezidentimiz ynamly beýan etdi.
Forumda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan saglygy goraýyş, «ýaşyl» ösüş, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlarda Koreýa Respublikasy bilen alyp barýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýändigini nygtamak bilen bu ugurlaryň Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasatynyň» düzüm bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi. Hakykatdan hem häzirki wagtda ylmy köp talap edýän pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmekde bu döwlet bilen bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikler ýola goýuldy. Häzirki wagtda dünýäde özara ynanyşmak medeniýetini we hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde ýüze çykan ynamyň pese gaçmagyny aradan aýyrmak ýaly umumadamzat meselelerini çözmek, taryhy, medeni we bilim gatnaşyklarynyň üsti bilen ynsan aragatnaşyklaryny giňeltmek «Täze Demirgazyk syýasatynyň» möhüm düzümlerinden biridir.
Şeýle hem forumyň dowamynda ynsanperwer ulgamyň bilelikdäki tagallalary talap edýän ugur bolup durýandygyna üns çekildi. Bu babatda uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ýakyn wagtda bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga girişip biler, bu bolsa «Täze Demirgazyk syýasatyny» amala aşyrmakda möhüm goşant bolar diýip, hormatly Prezidentimiz uly ynam bildirýändigini belledi.
Umuman, häzirki wagtda ýurdumyzda halkara ykdysady gatnaşyklarynda ýola goýulýan işler örän köptaraply bolup, olaryň ählisinde ýokary netijeler gazanylýar. Elbet-de, bularyň ählisi Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan dost-doganlyk we ynsanperwerlik syýasatynyň esasynda durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň abraý-mertebesini bütindünýäde has-da ýokary belentliklere götermekde netijeli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň
Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy