Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň ykbalynda buýsançly wakalaryň biri bolup geçdi. Ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda dünýäniň 185 döwleti tarapyndan Türkmenistana Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyga eýe bolan güni bütin türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka boldy. Şondan sanlyja ýyl geçenden soňra, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 193 döwleti tarapyndan ýurdumyza ikinji gezek hemişelik Bitaraplyk derejesi berildi. Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen eziz ýurdumyz ösüşleriň bedew bady bilen öňe ilerledi. Daşary syýasatda goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy.

Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda dost – doganlygyň mekany hasaplanýar. Goňşy döwletler bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar ýyl-ýyldan has-da berkeýändigi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi we birnäçe maksatmanalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ähli pudaklarda şol sanda ylym-bilim, saglyk, ykdysadyýet, medeni, oba hojalyk pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygary döwletimiziň baş ýörelgesine öwrüldi.

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň milli Lideriniň we döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň halkara abraýyny tassyklaýan buýsançly wakadyr.

Türkmenistanyň her bir raýaty üçin Bitaraplyk türkmen döwletiniň taryhynda iň bir şanly wakalaryň birine öwrüldi. Bitaraplyk derejesi halkymyza ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barha artýar hem-de halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyklaryň gerimi giňeýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň 140-dan gowragy bien diplomatik gatnaşyklary alyp barýandygy şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, konwensiýalaryň 50-ä golaýynyň agzasydygy aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy.

Mämedowa Näzik
Türkmen oba hojalyk institutynyñ Agronomçylyk fakultetiniñ Agronomçylyk hünäriniñ 4-nji ýyl talyby