Gadym zamanlarda öýlenjek ýigit bilen dostlary birlikde at üstünde ok atyp, okuň baryp ýeten uzaklygyny ölçerip, bäsleşer ekenler.Şonda öýlenjek ýigidiň atan okunyň uzaklygyna görä hormat edilip, onuň atan okunynyň baryp çümen ýerini nyşan bellär ekenler.

Ýagny bu ýigidiň, öz saýlan nokadyndan, özüne mekan saýlamagy bilen birlikde, öýlenmedik ýigitlerden saýlanyp, toý tutjagynyň, öý tütjagynyň, maşgala boljagynyň alamatyny berer eken.

Şeýlelikde ýigidiň okunyň baryp, nyşana degen ýerinde öý gurulmaga başlar eken. Ýagny, ak öý dikiler eken.

Ak öýleriň bolsa taýýarlanmagynyň esasy ýüküni ýigidiň dostlary bilen oba adamlary boýnuna alar ekenler.

Şeýlelikde okuň baryp çümen ýerine “gerdek” diýer ekenler. Gerdekler täze tutuljak maşgalanyň çelgisi bolup, şol ýerde ak ýöüň dikilmegine sebäp bolar ekeni.

Ak öýler tiz wagtda düzülip, onuň gurluş çaltlygyna gündogar halklarynda wagt kesgitlener eken.

Ak öýüň gurnalmagyna “ Et bişerde” diýlip, yrym ediler eken,

Söküliş wgatyna bolsa, “Süýt bişerde” diýlen aýtgy bar eken.

Şeýlelikde ak öýi 2-3 sagadyň dowamynda dolulygyna taýýarlaýar ekenler.

Bu günki gün Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda her bir welaýatlarda dikilen ak öýler bütün türkmen halkynyň toý tutup, peşme bişirip, hem- de birnäçe gelin toýlary bilen bilelikde şowhun – dabara bellenilýän öýleriň biri boldy.

Göwrümi boýunça örän uly, şeýle- de dünýä standartyna gabat gelýän ähli mümkinçilikler döredilen şol ak öýler biziň ähli welaýantlarymyzda hem bar. Hormatly prezidentimiziň tagallasy bilen ak öýleriň ähli welaýatlarda açylmasy bu türkmen halkynyň agzybirliginiň nyşanydyr.

Bitaraplyk baýramymyzyň 26 ýyllyk senesiniň bellenilýän günlerinde her bir welaýatda ýerleşdirlen äpet hem kaşaň, owadan ak öýleriň içinde geçiriljek baýramçylyk çärelerine uly taýýarlyklar görülýär.

Türkmenistanyň Halkara Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy ak öýleriň bezegini öňküden hem artdyrar

 

           Söhbet Täçmämmedow

                   TDBGI-nyň talyby