Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen ata Watanymyz Türkmenistan her bir gününi toý-baýramlara besläp, 2021-nji “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uly dabara bilen belleniljek döwlet özygtyýarlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna günsaýyn golaýlaşlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: “Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür”. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk diýen iki mukaddes düşünje birleşip, ýurdumyzy ösüşlere, ýeňişli menzillere alyp barýan goşa ganata öwrüldi diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň döwletliliginiň goşa ganatydyr. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Biziň ýolumyz döretmek ýoludyr. Biz şu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi belent maksatlara tarap ynamly alyp barýarys”. Bilşimiz ýaly, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrda döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistan 1995-nji ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwleti Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini biragyzdan ilkinji gezek ykrar edipdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçen 69-njy mejlisinde bolsa 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasy gaýtadan kabul edildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki bedew batly gadamlary Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle-de hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlaryň oňyn netijelerini äleme äşgär etdi. Berkarar Watanymyz geçen sanlyja ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniyetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda aýratyn hem daşary syýasatda uly ösüşlere beslenip, dünýä derejesindäki abraýyny has hem belende galdyrdy. Ähli döwletleriň durnukly, durmuş-ykdysady ösüşini we rowaçlygyny hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyny, parahatçylygyny hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň saýasynda erkana dem alýan Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda uly abraýa eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini araýan, düýbünden täzeçillige ýugrulan çuň manyly taryhy we dünýä ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň barha berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyna ýardam berýär.Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Bütin dünýäde uly gyzyklanma we seslenme döreden, Demirgazyk — Günorta Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana, ondan hem Pars aýlagyna çykalga boljak ulag geçelgesini gurmak, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň işe girizilmegi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünde işlenilmegi, şeýle hem Aziýa halklarynyň gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjak Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina polat ýolunyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem parahatçylyksöýüji halkara gatnaşyklary kemala getirmäge bolan türkmen halkynyň mümkinçilikleri dogrusynda söz açylyp, ikitaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga goýulýan sarpa şöhlelendirilýär.
Milli Liderimiziň hut özüniň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de döwletimiziň halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alynyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, häzirki zamanyň hemmetaraplaýyn meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny gözleýändigi bilen tapawutlanýar. Düýpli halkara başlangyçlar we çuň özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bitaraplyk ýörelgesi bilen türkmen halkymyzyň milli durmuş kadalarynyň aňyrsynda biziň taryhymyz, däplerimiz, ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilikli arzuwlary bar. Pederlerimiziň döwlet gurmak we diplomatiýa babatdaky däpleri döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň hukuk esaslaryny emele getirýär. Bu däpler häzirki döwrüň syýasy arenasynda öz täsin özboluşly milli syýasatyny ýöredýän döwleti — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany döretmek üçin sarsmaz binýat boldy. Şeýle binýada esaslanyp gurlan döwletimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha gülläp ösýär, halkara abraýy artýar, halkymyz bolsa erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy möhüm syýasy wakadyr. Çünki bu merkeziň açylmagy bilen Türkmenistan ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde BMG-nyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, iň kyn meseleleri hem çözendikleri taryhymyzyň dürli döwürlerinde öz beýanyny tapandyr. Hormatly Prezidentimiz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eseriniň 31-nji sahypasynda türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan bir mysal getirýär: “Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaýyň taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran “Ahdi-peýman şertnamasy” diýip atlandyrylan şertnamany baglanyşýarlar. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir.” Alym Arkadagymyzyň eserinde belleýşi ýaly: “Bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär”.
Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk biziň milli buýsanjymyz, ösüşlerimiziň ak ýoly, bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk toýumyz bolsa biziň ruhubelentligimiziň baýramydyr.
Jennet HABYBOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.