Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar. Biz muny Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülýän teklipleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda hem aýdyň görýäris. Bu Kararnamalar iňňän möhüm umumyadamzat ähmiýetli bolup, dünýäde parahatçylygy ösdürmäge, ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdiler. Parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak ynsanyň bagtyýar ýaşamagy üçin iň zerur düşünjeleriň biridir. Ynanyşmak, parahatçylyk ýörelgeleri ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň binýadydyr. Dünýä halklary üçin ählumumy howpsuzluk, abadançylyk, ynsanperwerlik Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän ähli taglymatlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýurdymyzyň baky Bitaraplygynyň ruhy esaslary bolup durýar. Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň baky Bitaraplygy halkymyzyň mukaddes gymmatlygy we durmuşymyzyň manysydyr, dünýäde parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak ugrunda öňümizde goýan baş maksadymyzdyr. Baky Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli durmuşy we gülläp ösüşi berdi.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halk bähbitli islendik işiň gözbaşynda agzybirlik, deňhukuklylyk we ruhubelentlik bar. Halkymyzyň agzybirligine, parahatçylyga we ylalaşyga, ynanyşmaga binýat bolýan başlangyçlar biziň her birimizi buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik syýasaty goňşy halklar, ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarymyza giň ýollary açýar. Ýurdumyzyň ýokary bilim berýän ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi biz talyp ýaşlaryň doganlyk halklaryň däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyş bolmagymyza, dostluk gatnaşyklaryny saklamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz talyp ýaşlara ylym-bilim, daşary ýurt dillerini öwretmek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Biz talyp ýaşlaryň kämil bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegimiz üçin ýurdumyzda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda “ Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyz uly üstünliklere beslenýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde parahatçylygy ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de talyp ýaşlaryň döwrebap bilim, ylym öwrenmeklerini üpjün etmek boýunça beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Yslam TYLLANUROW,
TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň uly mugallymy.