Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky bu başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir, häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde çykyş eden türkmen Lideriniň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär. Munuň özi ýurdumyzyň häzirki wagtdaky we geljekde alyp barjak halkara işiniň üstünliklerine beslenmeginiň kepili bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmagyň guralyny işläp taýýarlamagyň esasyny düzýär, ol çuňňur taryhy köklere, milli durmuş aýratynlyklaryna hem-de häzirki zaman dünýägaraýyş ölçegleriniň düýpli ýörelgeleri esasynda kemala gelendir.
«Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar» diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji ýörelgeleri onuň baş aýratynlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Türkmenistan 1995-nji ýylda Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan döwründen bäri BMG-niň degişli Kararnamasynyň ähli kadalaryny üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Sebitdäki ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär, Milletler Bileleşiginiň taglymlaryny we ýörelgelerini Merkezi Aziýada ornaşdyrmagyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda barha ösýän netijeli hyzmatdaşlygynda täze eýýamy açdy. Bu Merkeziň alyp barýan işleri netijesinde, sebit giňişliginde hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de durnukly ösüşiň ýola goýulmagyna oňyn mümkinçilikler emele geldi.
BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistana öz Bitaraplyk derejesini sebitde durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti hökmünde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa, bu ugurda biziň ýurdumyzyň tejribesini has giňden ýaýratmak üçin peýdaly diýip ykrar edilmeginiň ýene bir tassyknamasydyr.
Türkmenistan Bitaraplyk derejesine eýe bolanynda, bu çözgüt dünýä bileleşigi tarapyndan makullanmak bilen kabul edildi. Emma ýurduň öz-özüni çetleşdirmegi baradaky pikirler hem aýdylyp başlandy. Häzirki wagtda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde durmuşa geçirilýän daşary ykdysady syýasat iş ýüzünde şunuň ýaly çaklamalaryň hakykata laýyk gelmeýändigini görkezdi.
Hamza ÖWEZOW,
TDBGI-niň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.