Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda dünýä halklaryna dostluk goluny uzadýan döwletimizde baky Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýy toýlanýan 2021-nji ýylyň her bir güni aýdym-saza beslenýär. Şahandaz halkymyzyň joşgunly ýüreklerinden syzylyp çykýan buýsançly owazlar Bitarap Watanymyzyň gujagynda il-ýurt üçin edilýän aladalara alkyşnama bolup dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly çäre uly şowhun bilen geçirilýäri.

 

Akapella topary, hor we orkestr toparlary Bitaraplygyň mekany bolan gözel Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzda beýik ösüşlerimizimizi wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirýärler. Dostlugyň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçirilýän konsertlerde uly joşgun bilen ýerine ýetirilýän daşary ýurt aýdymlar çemeni hem ýerlikli we diýseň täsirli bolup, döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen medeni-dostlukly gatnaşyklaryna möhüm orun berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýäri.

Men hem öz gezegimde Hormatly Prezidentimizi we külli türkmen halkymyzy şanly Bitaraplyk baýramymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Süleýman WELIMYRADOW,

TDBGI-niň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby.