Gar adamsyny ählimiziň çagalyk dostumyz bolsa gerek? Göwresi üç sany gar topundan, elleri agaç şahalaryndan, burny käşirden we başyna bedre geýdirilip ýasalýan gar adamsy barada şeýle maglumat bar.

Rowaýata görä, gar adamy Assisi Frensis tarapyndan ulanylypdyr. Onuň döredilmegi erbet ruhlara we jynlara garşy göreşmegiň kömek edýändigine ynanypdyr. Gar adamysynyň elindäki sübsäniň erbet ruhlary kowýandygyna ynanypdyr.

Russiýada garly adamlar butparaz döwürlerinden bäri hormatlanypdyr. Olaryň gyş ruhlarydygyna ynanypdyrlar. Gadymy döwürlerde gar adamy barada negatiw pikirli rowaýatlar hem döräpdir. Ýagny onuň her bir adama howp abandyrjadygy barada aýdylýar. Şol döwürlerde gar adamsyny ýasamak gadagan edilipdir.

Häzirki wagtda bolsa, dostlaryň, ýakynlaryň bilen gar adamsyny ýasamak iň gyzykly wakala hökmünde görülýär. Gar adamsy gyş paslynyň ýörite bezegi hasaplanýar.

Ony esasan çagalar ýasaýarlar. Her ýyl gar ýaganda bilelikde gar adamsyny ýasap ýören çagajyklara duş gelýäris. Gardan garadam ýasamak gyş paslynyň ýörite bir aýratynlygydyr. Häzirki wagtlarda dünýäniň dürli ýurtlarynda gardan garadam ýasalýar. Esasan hem uly göwrümdäki garadamlary ýasamak has meşhurdyr.

Döwletmyrat AŞYROW,

TDBGI-niniň Inžener mehanika fakultetiniň talyby.