Türkmen halyçylary dürli görnüşli täsin halylaryň köp sanlysyny dokadylar. Şeýle halylaryň biri hem Türkmen halysynyň milli muzeýinde saklanýan Änew metjidiniň girelgesi şekillendirilen «Aždarhaly» («Güberçekli» haly) atly halydyr. Ol 1948-nji ýylda dokalýar. Bir inedördül metrinde 825 müň çitim bolan güberçekli aždarha şekilli bu halynyň dokalyş tehnikasy diýseň çylşyrymly bolup, muzeýe
syýahata gelýänleri has-da gyzyklandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan syzylyp çykan «Janly rowaýat» atly kitabynda bu halyda ýerleşdirilen şekiller barada täsirli rowaýat beýan edilýär.
Bäşimowa Aýtäç,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrynyñ 1-nji ýyl talyby.