Bir wagtlar öz işleri bilen gümra bolup ýören gassap dükanyň içinde bir itiň girip gelýändigini görüpdir. Ol muňa gaty gaharlanyp, iti dükandan kowmak bilen bolýar. Emma it biraz salymdan ýene dolanyp gelýär. Gassap iti näler kowjak bolup synanyşsa-da bary şowsuz bolýar. It hemişeki ýaly ýene dükana dolanyp yzyna gelýär. Gassap birden itiň ýanyna golaý baryp duranda, onuň agzynda kagyza ýazylgy nämedir bir zatlaryň bardygyny görýär. Onda: “12 sany kolbasa we bir sany guzy etini alyp bilerinmi? Itiň agzynda pul bar.” diýen ýazgyny okaýar. Gassap ýazgyny okap bolansoň ýaňky it agzyndaky puly oňa uzatýar. Gassap bu täsin hadysa haýranlar galýar. Ol puly alyp, ýazgydaky harytlary gapgaryp, itiň öňünde goýýar. It bolsa ýaňky harytly horjuny agzyna alyp öz ýoluna gidiberýär.
Bolup geçen zatlar gassapda uly täsir galdyrýar. Dükanyň ýapyljak wagty golaýlansoň, ol dükany ýapyp, itiň yzyna düşmek kararyna gelýär. Ol itiň yzy bilen birnäçe köçelerden geçýär. Soňra it ýoluň ugrundaky awtobus duralgasynda saklanýar we yzygider gelýän awtobuslaryň tertibine seredip ugraýar. Gassap muňa geň galyjylyk bilen seredýär. It awtobusyň gelýän wagt tertibini barlaýar, soň bolsa duralgadaky oturgyçlaryň birinde oturýar. Birnäçe wagtdan soň ýene awtobus gelýär. It derrew ýerinden turup, awtobusyň öňüne aýlanýar, onuň san belgisine seredýär we ýene ýerine geçip oturýar. Duralga ýene-de başga bir awtobus gelýär. It ýene ýaňky hereketlerini gaýtalaýar. Ol dogry awtobusdygyny gören badyna oňa böküp münýar. Gassap hem ony yzarlamagyny dowam edýär.
Esli salymdan soň it agzyndaky azyk önümleri bilen awtobusdan düşýär. It giň ýoluň ugry boýunça ýöräp bir öýüň deňinde saklanýar. Gassap hem onuň yzyndan galman gelýär. It alan harytlaryny gapyň agzynda goýýar. Soňra ýoldan yza tarap gaýdýar we batly ylgap gapydan özüni zyňýar. Ol bu täsin hereketini birnäçe gezek gaýtalaýar. Emma öýde jogap ýok. It bolsa tamasy üzülen çaga deý ýuwaşjadan ýöräp, howluň golaýyna barýar. Ol ondan böküp howludaky uly şahaly agajyň üstünden böküp, penjirä kellesini birnäçe gezek urýar. Ol yzyna gaýdyp, gapyda garaşýar. Gassap bir daýaw ýigidiň gapyny açandygyny görýär. Ol gapyny açan dessine iti kemsidip, ony depýär we urýar. Gassap muny görüp, “Hudaýyň haky üçin sen saklan, ýigit! It zehinlidir.” diýip ýigidi saklaýar. Ýigit bolsa: “Sen muňa akylly diýýärsiňmi? Bu samsyk haýwan şu hepde ikinji gezek açaryny ýadyndan çykarypdyr.” diýip, iti depip goýberýär.
Durmuşda adamlar özlerinde bar zatlar bilen hiç wagt kanagatlanmaýarlar. Muňa ýönekeýje işçi we hojaýyn mysalynda seretmek mümkin. Hojaýyn birnäçe ýyllar zähmet çekýän işçisine gowy baha we minnetdarlyk berip bilmeýändigi sebäpli öz işlerindäki gowy adamlary ýitirýändiklerini görmek bolýar. Käwagt şeýle adamlaryň hondanbärsi we beýlekilerden özüni ýokary tutýan häsiýetleri olary uly ýalňyşlyklara hem eltip bilýär. Hat-da olar beýleki adamlaryň pikirlerini asla diňlemeýärler. Beýle häsiýet ynsany hiç wagt bagta we beýik maksatlara ýetirmez. Bagtly we öndürijilikli adamlar “özüm üçin” däl-de, eýsem “başgalar üçin, Watanym üçin” peýdaly bolsun pikirinde bolýarlar. Gadymy grek kitaplarynda hem bellenilişi ýaly, “Ýolbaşçy bolmak isleýän adam, ilki bilen halka hyzmat etmeli. Olara ýardam bermek, olary bagtly etmek seni üstünlige we ýagty geljege atarar.”
Iňlis dilinden terjime eden,
Jennet ATAÝEWA,
Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynyň Menejment fakultetynyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň nemes dili mugallymy.