Salgytlar taryhy jähtde döwletiň emele gelişi we hereket edişi bilen bag-lanyşykly möhüm ykdysady kategoriýadyr. Pul serişdeleriniň toplandyrylyşynyň usullary, alamatlary we göwrümi, şeýle hem olaryň harçlanylyşy döwleti emele getirýän jemgyýetiň ykdysady ösüşiniň derejesi bilen baglanyşyklydyr. Salgyt basgyjynyň iň pes derejesi döwletiň öz ýerine ýetirýän wezipelerine harçlaýan çykdajylary bilen takyklanylýar. “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 7-nji maddasynda salgyda şeýle kesgitleme berilýär: “Salgyt – bu döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan bellenilýän we edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy, muzdsuz tölegdir”.

Imperatiwlik ýa-da buýruk berijilik salgydyň ilkinji esasy alamatynyň bi-ridir (döwlet tarapyndan salgyt töleýjä salgyt tölegini tölemek baradaky talap, höküm). Salgyt töleýji tarapyndan borçnamalar berjaý edilmände, oňa garşy de-gişli jerimeler ulanylýar. Ýokarda aýdylanlara degişlilikde, meşhur amerikan aň-bilim ýaýradyjy we döwlet işgäri Benjamin Franklinyň aýdyp geçen paýhasly pähimine salgylanalyň: “Ajal bilen salgytdan gaýry bu ýagty jahanda hiç bir zat müdimilik däldir”.

Eýeçiligiň çalşylmagy salgydyň ikinji alamatydyr. Hususan hem, salgytlaryň üsti bilen hususy eýeçiliginiň bir bölegi (pul görnüşinde) býujet gaznasyny emele getirmek üçin döwlet ýa-da ýerli häkimiýet eýeçiligine geçirilýär. Gaýtaryp bermezlik (hususy aýratynlyklaryndan mahrum bolýarlar we töleýjä gaýtarylyp berilmeýär) we muzdsuzlyk (salgyt töleýji tölän salgytlary üçin hiç hili maddy, hojalyk ýa-da beýleki görnüşli hukuklary almaýar) salgydyň üçünji alamatydyr. Şu alamat salgytlary we ýygymlary paçlardan tapawutlandyrýar. Paçlary töleýjiler aýry-aýry hojalyk amallarynyň amala aşyrylmagy üçin hukuk alýarlar (mysal üçin, gümrük serhedinden harytlary daşyna çykarmak we getirmek). Döwlet pajy kazyýet edaralary (emläk we emläk däl häsiýetli talap arzalaryndan, işi ýatyrmak baradaky şikaýatlardan, resminamalaryň nusgasyny bermekden), döwlet arbitraž edaralary (talap arzalaryndan, işi ýatyrmak we ýüz tutmak şikaýatlaryndan, edaralaryň we hususy telekeçileriň batmagyny ykrar etmek baradaky arzalaryndan), kepillendiriş edaralary (Türkmenistanyň raýatlaryny ýaşaýan ýeri boýunça bellige almak baradaky arzalaryndan we ş.m.) tarapyndan tutulyp alynýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Dallakyan Diana