Merdana türkmen halky geçmişde öz milli ölçeg birliklerini ulanypdyr. Häzirki ulanylýan sagatlarymyz bolmandygyny üçin olar Günüň-Aýyň edýän hereketine, görä wagt ölçeglerini ulanylypdyr. Ol ölçeg birlikleriniň atlary çeper edebiýatda, şeýle-de oba ýerlerinde ýaşuly adamlar tarapyndan häzir hem ulanylýar. Olar şulardyr:

  1. Gara daňdan (ala daňdan) – ýaňy daň atyp başlanda, alagaraňkylyk wagt;
  2. Säher (daňdan) – Günüň ýaňy dogup, ertir şapagy görnüp, dünýäniň ýagtylan wagty;
  3. Ir ertir – Günüň mazaly dogup, dünýäniň gowy ýagtylan we adamlaryň aglaba köpüsiniň oýanýan wagty;
  4. Guşluk (çäş) – Günüň ep-esli ýokaryk göterilip, ir ertir bilen günortanyň gönüden-göni ortarasyndaky wagt, takmynan sagat 09:00 – 10:00 töwerekleri;
  5. Günortan – Günüň orta bolýan wagty, takmynan sagat 12:00 – 13:00 töwerekleri;
  6. Öýle – Günüň günortadan agan wagty, takmynan sagat 14:00 – 14:30 töwerekleri;
  7. Peýşin – öýleden ikindä (gijara) çenli aralyk, takmynan sagat 15:00 – 18:00 töwerekleri;
  8. Gijara (ikindi) – Günüň ýaşyp barýan wagty;
  9. Agşam (gije) – Günüň ýaşan wagty;
  10. Ýassy – Gün ýaşandan soň ep-esli wagt geçenden soňky wagt we gündelik parz bolan bäş wagt namazyň soňkusynyň okalýan wagty, takmynan sagat 22:00 töwerekleri;
  11. Giç agşam – agşam sagat 22:00-dan ýarygijä çenli wagt;
  12. Ýarygije – takmynan, sagat 24:00 töwerekleri;
  13. Il ýatyp, it uklanda – takmynan, sagat 03:00 – 04:00 töwerekleri.

Ogultäç BEKÇIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 314-nji toparynyñ talyby