Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Ýurdumyzda halkyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösdürilýär.
Watanymyzda 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny guramagyň öňdebaryjy halkara tejribesini nazara almak bilen, ol möhüm pudagyň düýpli özgerdilmegine, keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli saglygy goraýyş işgärleriniň taýýarlanylmagyna we lukmançylyk ylmynyň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilendir. Öňüni alyş çärelerini işjeňleşdirmegiň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ykrar etmegiň, ilatyň arasynda, aýratyn-da, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda bedenterbiýäni, sporty giňden wagyz etmegiň saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň esasy ugurlarydygyny bellemek gerek.
Gahryman Arkadagymyz özüniň çykyşlarynyň birinde: “Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň önüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýäris” diýip belledi. “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen halk pähiminden ugur alnyp, häzirki döwürde ýurtda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu bolsa adamlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň hiliniň gowulanmagyna ýardam edýär.
Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky bejeriş-öňüni alyş edaralaryna elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy. Raýatlaryň iki milliona golaýy elektron lukmançylyk kartlary bilen üpjün edildi. Telelukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak, teleköpri arkaly saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri alyp barmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Ulgamyň düzümlerini kämilleşdirmek babatda ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde tutuş ýurtda iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri, saglyk öýleri hem derman senagatyna degişli desgalar yzygiderli gurulýar. Soňky ýyllarda “Türkmendermansenagat” birleşiginiň düzümine girýän kärhanalaryň 8-si işe girizildi. Şolarda ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda uly islegden peýdalanýan dermanlyk serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy.
2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi we Estetik merkezi açyldy. Bu toplumyň gurluşygynda, ony enjamlaşdyrmakda hem-de merkeziň işgärler bilen üpjünçiliginde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri işjeň öwrenildi. Merkeziň hünärmenleri Germaniýanyň, Ysraýylyň, Awstriýanyň we Türkiýäniň meşhur klinikalarynda saparda bolup, şikesleri bejermegiň kämil usullaryny öwrendiler. Şeýle hem Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň şahamçasy ýerleşdirildi. Şonuň binýadynda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary näsaglar bilen geňeşmeleri geçirýärler we ýokary hünärli lukmanlary taýýarlaýarlar.
Estetiki merkezde hem raýatlara gözellik we estetika babatda ähli ugurlar boýunça ýokary hilli kosmetologiýa hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli zerur şertler döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köpugurly enjamlary häzirki zamanyň ýokary derejeli kosmetologiýa hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa hyzmatlaryň halkara ülňülere doly laýyk gelmegini şertlendirýär. Munuň özi tutuş dünýäde netijelilik babatda kliniki tassyknama we ykrarnama laýyk gelýändigini aňladýar. Toplumyň düzümine lukmançylyk we estetiki kosmetologiýa, bedeniňi timarlamak, sagdynlaşdyrmak hem-de beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýän bölümler girýär. Şeýle hem bu ýerde gözellik bölümi hereket edýär. Onuň wezipesi zerur kosmetiki hyzmatlaryň doly görnüşlerini hödürlemekden we toplumyň okuw merkezinde degişli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk täze merkez Awstriýanyň Plastik, estetik we dikeldiş hirurgiýasy jemgyýetiniň, Şweýsariýa konfederasiýasynyň Lýusern uniwersitetiniň we “EmSi” estetiki klinikasynyň abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurtda täze saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy bilen bir hatarda, ozal hereket edýänleriniň, hususan-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara lukmançylyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara anyklaýyş merkezini, Halkara iç keselleri merkezini, “Ene mähri” halkara merkezini döwrebaplaşdyrmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Raýatlaryň saglygyny berkitmekde şypahana-dynç alyş düzümlerine, aýratyn-da, balneologiýa, tebigy-howa şypahanalaryna möhüm orun degişlidir. Olarda mähriban topragymyzyň tebigy täsiri, mineral suwlar, bejeriş ähmiýetli palçyklar arkaly keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan şypahana-dynç alyş pudagyny toplumlaýyn ösdürmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Ahal welaýatyndaky “Arçman” hem-de “Ýyly suw” şypahanalary, Balkan welaýatyndaky “Mollagara” we “Awaza” şypahanalary, ýurduň demirgazyk künjeginde ýerleşýän “Daşoguz” şypahanasy, Lebap welaýatyndaky “Farap” şypahanasy, Mary welaýatyndaky “Baýramaly” şypahanasy hem-de Aşgabatdaky “Berzeňňi” şypahanasy bitewi şypahana ulgamyny kemala getirýär. Häzirki wagtda olar halkymyza hyzmat edýärler.
2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda bu sanawyň üsti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Bagabat” şypahanasy bilen ýetirildi. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Aşgabadyň eteginde, Bagabat jülgesinde gurlan täze şypahana 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, suw we palçyk bilen bejerýän bölümler, maslahat beriş-öňüni alyş bölümi hem-de fizioterapiýa bölümi, SPA bölümi girýär. Täze bejeriş-öňüni alyş merkeziniň golaýynda oňa alyp barýan döwrebap ýol hem-de şypahana barýan ýollaryň çatryklarynyň birinde gurlan, beýikligi 25 metre barabar bolan “Saglyk” binasy ulanmaga berildi. Bu bina saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini hem-de adamlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň möçberini alamatlandyrýar.
Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, sebitlerde täze döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini hem-de lukmançylyk toplumlaryny gurmak boýunça işler dowam etdirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýokanç keseller hassahanasynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda bu desganyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ulgamlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018 — 2022-nji ýyllarda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça, 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça täze milli maksatnamalary, şeýle hem Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak babatda 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklady.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen üpjün edilen saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, keseli anyklaýyş, «Ene mähri» merkezleri, dynç alyş öýleri, seýilgähler guruldy. Bu döredilen şertler geljek nesliň sagdyn ösmegine we kemala gelmegine, saglyklaryny gorap saklamaga, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär.
Ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alýanlara bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan tagamly çaýlar, bejeriş gaýnatmalary we içgileri hödürlenilýär. Onda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaplarynda beýan edilen usullardan we maslahatlardan peýdalanylýar.
Jahan TUTLYKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 217-nji toparynyñ talyby