Internet ulgamynda London Korollygynyň botanika bagynyň täze karary barada maglumatlar peýda boldy. Hünärmenler täze agaç görnüşlerine aktýor Leonardo Di Kaprionyň adyny dakandyklaryny habar berdiler.
Botanikleriň sözlerine görä, bu karar, meşhur aktýoryň ýitip gitmek howpy astyndaky agaçlaryň ösýän tokaýlaryny çapmak meselelerini çözmäge işjeň gatnaşandygy sebäpli berildi. Olar täze tapylan agajyň ýeke-täk nusgasy bilen bir goraghanada ýerleşýärler.
Täze tapyndynyň ylmy ady -Uvariopsis dicaprio. Bu görnüş ilkinji bolup 2022-nji ýylda Londonyň Kýu sebitinde ýerleşýän meşhur baglarynyň botaniklerinden resmi at aldy.
Uvariopsis dicaprio şol bada ýitip barýan agaçlaryň görnüşleriň sanawyna girizilendigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Penaýewa Uzuk
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby