Berkarar döwletli bagtyýar zamanamyzda gözel Diýarymyzyň her bir ýyly beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Muňa ýurdumyzda diňe “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan geçen ýylyň dowamynda gazanylan üstünliklere ser salanyňda hem, aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ähli ulgamlar bilen birlikde medeniýet ulgamyndaky ýetilen sepgitler döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini ýokary belentliklere göterdi. Türkmen milli dutarymyzyň, küştdepdi oýnumyzyň şeýle-de, ajaýyp halyçylyk sungatymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizimegi oňa aýdyň mysaldyr.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda 500-e golaý dünýä halklarynyň milli mirasyna degişli gymmatlyklar bar. Şol gymmatlyklaryň üsti her ýyl ýetirilýär. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda dünýä halklarynyň milli saz gurallary, bagşylyk sungaty, baýramçylyklary hem-de dürli rituallary bar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz tarapyndan ÝUNESKO guramasyna ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama edilipdi. Şol hödürnama geçen ýylyň 15-nji dekabrynda ÝUNESKO edarasynyň Pariž şäherinde onlaýn tertibinde geçirilen Maddy däl medeni miras boýunça hökümetara komitetinde seredildi we resmi taýdan bu babatda çözgüt kabul edildi. Şeýlelikde halkymyzyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmen dutarynyň asyl nusgasynyň kädisi tut agajynyň içini köwmek bilen ýasalýar. Gapagy hem tut agajyndan ýasalyp, tamdyryň çoguna ýakylyp bejerilýär. Şonuň üçin-de dutara tamdyra hem diýilýär. Dutaryň iki kirişi boýar. Şol sebäpli-de, gündogar halklarynda oňa dutar diýýärler. «Du» arap-pars dilinde «iki», «tar» bolsa kiriş diýmekdir. Dutar barada halkymyzyň arasynda birnäçe rowaýatlar hem bar. Olaryň iň ýörgünlileriniň biri Babagambaryň dutar ýasaýşy we aty oýnadyşydyr.
Türkmen halkynyň bu belli saz guraly Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda hem has giňden ýaýran saz guralydyr. Ol özbeklerde-de, garagalpaklarda-da, gyrgyzlarda-da, uýgurlarda-da we başga-da birnäçe halklarda hem bar. Emma olar bir-birlerinden möçberleri, perdeleri, hatda kirişleri boýunça hem tapawutlanýarlar.
Umuman, dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, türkmen aýdym-sazynyň we bagşyçylyk sungatynyň ýüregidir. Ýurdumyzda dutar sazy dürli baýramçylyklarda, dabaralarda, jemgyýetçilik ýygnanyşmalarynda hemişe belentden ýaňlanýar. Ol halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň gözbaşydyr.
Medeniýetimize, sungatymyza, milli mirasymyza belent sarpa goýup, onuň bütindünýäniň genji-hazynasyna öwrülmeginde belent maksatlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Beýik ösüşleri nazarlaýan “Halkyň Arkadagly zamanasynda” eziz Watanymyzyň abraý-mertebesi dünýä dolsun!

Mähriban SEÝLIÝEWA,
Daşoguz welaýat Gubadag etrap
Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy