Köneürgenç türkmen döwletinde döwlet baştutany Anuşteginler neslinden bolan patyşa bolupdyr. Onuň gapdalynda ýörite raýat hökümeti (diwan) bolup, oňa ähli wezirler, emirler giripdir. Diwana baş wezir – “Dastur” ýolbaşçylyk edipdir. Şeýle-de Köneürgenç türkmen döletiniň döwlet dolandyryş ulgamynda birnäçe ýokary wezipeler bolupdyr:

  • Hajyb el-kebir – köşkde geçirilýän dabaralara we patyşanyň hut köşk bilen bagly işlerine ýolbaşçylyk edýän adam.
  • Ustaztar – hökümetiň girdejilerine we çykdajylaryna gözegçilik edýän,maliýe işlerine seredýän adam.
  • Sahip el-jaýiş – Patyşanyň köşkdäki ähli goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän serkerde.
  • Dawadar – hökümdaryň resminamalaryny düzýän baş kätibi.
  • Älemdar – hökümdaryň baş baýdak göterjisi.

Saparow Kakabaý,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň 

3-nji ýyl talyby