Bilşimiz ýaly, 18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede, ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleri, şol sanda Ahal welaýaty durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.
Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy üçin seçilip alnan ýeriň ähli görkezijiler babatda şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegini öz içine alýan durmuş-ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan we «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda seýilgäh-dynç alyş zolagynyň ýerleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Zolagyň çäginde «Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähi» diýlip atlandyrylan bölekde sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň we zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň täze merkezini iki tapgyrda gurmak meýilleşdirilendir. Birinji tapgyrda 336 sany binany we desgany gurmak göz önünde tutuldy. Şolaryň hatarynda 11 sany jemgyýetçilik, 26 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary bar. Bu ýerde 8 sany saglyk we sport desgasy, 14 sany içerki we daşarky inžener ulgamlary we desgasy bolup, olaryň gurluşyk işlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan 62 sany ýerli hususy kärhana, şeýle hem 5 sany döwlet kärhanasy ýerine ýetirýär. Ýurdymyzda şeýle iri şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aşyrow Döwletmyrat
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy

RU



