Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bu günki günde ýurdumyzyň ähli pudaklaryny gurşap alýar. Eziz Diýarymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmagyny, bagtyýar raýatlarymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini göz öňünde tutýan maksatnamalar her bir ildeşimiziň arzuw-maksatlarynyň hasyl bolmagyna gönükdirilendir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýy hormatly Prezidentimiziň welaýatlara iş saparlary, ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli desgalara baryp görmegi, ýerlerde iş maslahatlaryny geçirip, derwaýys wezipelere, degişli çözgütlere ünsi çekip, täze maksatlara badalga bermegi bilen başlandy. 18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan giň göwrümli gurluşyk taslamalarynyň arasynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi aýratyn möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 10-njy martynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyp, döwrümiziň örän iri taslamalarynyň birine badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz bu merkezde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmagynyň zerurdygyna ünsüni çekip, birnäçe tabşyryklary bermegi her bir işe talapkärlik bilen çemeleşilýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda döwrebap myhmanhana «Marköw», söwda merkezine bolsa «Gökdere» atlarynyň dakylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtmagy milli gymmatlyklarymyza berilýän ünsi, gadymy ýerlerimiziň atlarynyň döwrebap desgalarda şöhlelenmegi baradaky aladany görkezýär. Bu ýerde seýilgäh-dynç alyş zolagy ýerleşdirilip, onuň çäginde «Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähi» diýlip atlandyryljak bölekde sebitdäki taryhy ýadygärlikleriň, aramgähleriň, zyýarat edilýän ýerleriň, ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriler.
Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilýän bu şäher geljekde ýurdumyzyň ykdysady, işewürlik, maýa goýum merkezleriniň birine öwrülip, bu ýerde müňlerçe hojalyk mesgen tutar. Bu ýerde ýaşajak ilat üçin iň gowy şertler, iş orunlary, döwrebap durmuş gurşawy dörediler. Bu şertler köp sanly ýaşaýjylary özüne çeker, şeýle hem welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ösüşine täze itergi berer. Şeýle döwrebap ilatly ýerleriň gurulmagy geljekki ösüşlerimiziň hem özeni bolup durýar. Çünki, ilatymyzyň sanynyň artyp barýandygyny nazarlap, şeýle ilatly merkezlerde gurulýan döwrebap desgalarda, ýaşaýyş jaýlarynda geljekde nesillerimiziň ösüp-örňemegi, olaryň iň amatly şertlerde ýaşap, gowy bilim almaklary, medeniýetli dynç almaklary, göwün islän hünärlerine eýe bolup, ýetişmekleri, işlemekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulýar.
Berdişükür Jumaýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener mehanika fakultetiniň uly mugallymy.