Paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Geňeşmelere milli Parlamentleriň wekilleri, gender meseleleri boýunça bilermenler, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň milli utgaşdyryjylary, ylmy-barlag we seljeriş merkezleriniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy guramasynyň, Merkezi Aziýa üçin Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça merkeziniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Şu ýyl komissiýanyň 66-njy mejlisiniň mowzugy “Howanyň üýtgemegi, syýasat hem-de daşky gurşawy goramak we betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak ulgamynda maksatnamalar bilen baglylykda, gender deňligini gazanmak hem-de ähli zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” bolar.
Iki mejlisiň dowamynda howanyň üýtgemegi we munuň sebitde zenanlaryň ýagdaýyna täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tejribe alşyldy, howanyň, daşky gurşawyň üýtgemegi, betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda hereketler boýunça maslahatlar işlenip taýýarlanyldy.