Göräýmäge adaty ýagdaý ýaly bolsa-da, tebigat örän çylşyrymly bir ulgamdyr. Çünki tebigat her pasylda bir keşbe girýär. Her paslyň bolsa özüni alamatlandyrýan hadysalary we täsirleri bar. Ýöne köpleriň halaýan hadysasy bolan ýagyş ýylyň islendik möwsüminde-de ýagyp bilýär. Ýagyş ýaganda daş-töwerek arassalanyp, toprakda yzgar bolýar. Ýagyş atmosferadaky buguň emele getiren buludynyň düzümindäki suwuň dykyzlaşmagy netijesinde damjalar görnüşinde ýere düşmegidir. Ol tebigatdaky suw aýlawynyň esasy bölegi bolup, süýji suwuň köp bölegini emele getirýär. Ýagyş ekoulgam üçin amatly şertleri, mundan başga-da gidroelektrik stansiýalary we ekinleri suwarmak üçin gerekli suwy üpjün edýär. Ýer ýüzündäki global ýylylyk dünýäde ýagynlaryň üýtgemegine sebäp bolýar. Şonuň üçin hem daglyk ýerlerde çygly howanyň ýygjamlaşmagy we ýagşyň ýagmagy üçin beýiklikdäki ýeriň şemally taraplarynda ýokary derejeli emeli akymlar köpeldilýär. Gar we buzluklar bilen örtülen bolsa-da, Antarktida iň gurak materikdir. Sebäbi bu ýerde ýagyş ýagmaýar diýen ýaly.
Haçanda ýagyş ýagandan soňra howada ýakymly ys peýda bolýar. Käbir adamlar bu ysy “ýagşyň ysy” diýip hasaplaýarlar. Ýöne bu beýle däl. Çünki ýagyş suwdan ybarat. Suwda reňkiň we ysyň ýokdugy bize ozaldan mälim bolsa gerek. Ýagyşdan soňra topragyň gurluşyna we ösümlikleriň görnüşlerine görä dürli yslar emele gelip bilýär. Hut şol sebäpli-de bu ys möwsüme ýa-da tebigata görä üýtgäp bilýär. Ýagyş ýagmagyny bes edenden soň daşky gurşawda emele gelýän çygly howa sporalary ýokaryk göterýär. Şeýlelik-de, howadan hoşboý, ýakymly bir ys emele gelýär. Ýagyşdan soňky ys geosmin atly himiki maddadyr.
Feruza JUMANIÝAZOWA,
S.A.Nyýazaow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Ýer ulanylyşy hünäriniň talyby.

RU












