Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat Aziýanyp “merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriiniň birine öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy we paýhasly baştutanlygy esasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, aşgabatlylar halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala gelýär we durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar gurulyp ulanylmaga berilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen ägirt uly, täzeçil mega-taslama durmuşa geçilýär. Bu taslama dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. “Aşgabat-sitiniň” gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

“Şäher içindäki şäher”,ýagny “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň umumy meýdany 744 gektardan ybarat bolup, bu ýerde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragy gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200orunlyk 4 sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän 4 sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk sport toplumy bina ediler.

“Aşgabat-sitide” Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň 4-sini, “Türkmenbaşy” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary gurular.

Bu ýerde kaşaň we belent, ýagny 12-35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüljekdigi şübhesizdir.

Mähriban Arkadaymyzyň başlangyjy bilen täze şäheriň gurluşygyna başlamazdan ozal, köp sanly taýýarlyk işlerini alnyp barylýar. Ylymlar akademiýasynyň alymlary seýsmik ýagdaýy düýpli seljerip, bu ýerde näçe gatly jaýlary gurup boljakdygyny anyklaýarlar. Şeýle hem bu giň gerimli işlere ýolbaşçylyk etjek gurluşyk kärhanasy döredilip, ol ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň taslamalary düzülip, olar üçin gurluşyk serişdeleri bolan sement, agaç-tagta, demir we beýleki zerur önümler öndürilýär.

Şeýle-de bu ýerde “akylly” öýleriň, “akylly” duralgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary ýörelge edinýän şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Yslam Tyllanurow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy.