Özüniň wepalylygy, duýgurlygy, syzgyrlygy, akyllylygy bilen taryhdan şu günlerimize çenli türkmeniň syrdaşy, dosty saýylan türkmen alabaýlarynyň şöhraty berkarar döwletimizde has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna buýsanjynyň beýany bolup, ýüreklerde orun aldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri babatda milli itşynaslyk mekdebiniň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegine, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, alabaýlary yzygiderli esasda hasaba almaga we köpeltmäge ýardam berdi.

Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejesinde giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Onda çap edilýän makalalarda türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň taryhy we däpleri, milli hem-de dünýä tejribesi hakynda gürrüň berilýär. Aýratyn nygtamaly zatlaryň biri-de, bu işler bilen bir hatarda, halkara hyzmatdaşlygyna ähmiýetli orun berilýändigidir. Hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO hem-de başga-da birnäçe iri abraýly halkara guramalar, şol sanda bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurt assosiasiýalary, ýuridik şahslar we dünýäniň dürli künjeklerinden hususy itşynaslar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde açylan durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň hatarynda «Türkmen alabaýy» atly heýkel aýratyn ähmiýete eýedir. Kuwwatly, arassa ganly alabaýyň heýkeli diňe bir köpegiň şekili bolman, eýsem, ol türkmen halkynyň wepaly syrdaşy, ygtybarly kömekçisi we dosty hökmünde alabaýa bolan gatnaşygyny äşgär edýär.  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly bellenilmegi eziz Watanymyzda milli buýsançlarymyza goýulýan sarpany aýdyň alamatlandyrýar.

Nobatgeldiyewa Geñlik

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby