Bedew bady bilen belent sepgitleri nazarlap öňe barýan döwletimiz dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup, bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir iri milli maksatnamalary ýa-da durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmak babatda-da, abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde-de oňyn netijeler gazanýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde belent abraýa eýe boljakdygyna, milli Liderimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen döwrüň möhüm meseleleriniň parahatçylykly çözülýändigine, ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň öňde goýan belent maksatlaryna laýykdygyna şaýatlyk edýär.

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudagynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy. Önümçilik kärhanalarynyň tehniki-tehnologik üpjünçiligi gowulandyryldy. Hususan-da, täze önümçilikleri, ylaýta-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmekde, daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyply we uly isleg bildirilýän harytlaryň dürli görnüşini öndürmekde, döwrebap tehnologiýalary we halkara tejribelerini önümçilige ornaşdyrmakda oňyn tejribe toplanyldy.

Diýarymyz häzirki ösüşi bilen tebigy baýlyklarymyzy diňe çig mal görnüşinde däl, eýsem, himiýa, ýangyç-energetika, gurluşyk senagatynyň, aýna önümçiliginiň, obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň çig maly senagat esasynda gaýtadan işläp çykarýan täze önümlerini daşary bazarlara çykarýar. Ady agzalan pudaklaryň kärhanalary halkyň gündelik sarp edýän harytlaryny öndürip, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlarynda oňat netijelere eýe bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýan şeýle giň gerimli özgertmeler hemişelik Bitarap döwletimizi syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna çykardy. Milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän bu giň möçberli özgertmeleri, ählumumy bähbitleri göz öňünde tutýan, uzak geljege gönükdirilen beýik işleri dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmalaryna hem-de goldawlaryna eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilýän dürli çözgütler şeýle buýsançly hakykatyň özboluşly beýanydyr. Ol hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýerýän, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurdumyzyň dünýäniň iň iri halkara bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary hil hem-de mazmun taýdan yzygiderli baýlaşdyrýandygyny tassyklaýar. Bularyň ählisi dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda, gülläp ösüşi gazanmakda, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemekde hem-de olary durmuşa geçirmekde ähli tagallalaryny, mümkinçiliklerini orta goýýandygynyň aýdyň kepilidir.

Şiriyew Serdar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.