Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we ruhy taýdan uly ösüşlere eýe bolmagynda türkmen zenanlarynyň hem uly goşandynyň bardygyny bellemek zerurdyr. Bu bolsa zenanlar baradaky üns-aladanyň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň «Zenanlar biziň Watanymyzyň buýsanjydyr!» diýen sözlerinde mukaddeslik derejesinde arzylanýan zenanlara bolan buýsanç beýan edilýär. Ýurdumyzda zenan mertebesiniň belent tutulmagy enelerimiziň bagtyýarlygynyň subutnamasy. Mähriban Arkadagymyz maşgala ojagyna, ene mähremligine aýratyn sarpa goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly, ajaýyp ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän perzentleri ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýýar.

Maşgala abatlygyna, ýaşlaryň milli ruhda edep-terbiýeli ösmegine esasy üns berilmegi jemgyýetiň ahlak taýdan abatlygynyň aladasy bolup durýar. Edep ynsan kalbynyň bezegidir. Biz ösüp gelýän gyzlaryň terbiýesine yhlasly, oýlanyşykly çemeleşmelidiris. Gyzlar türkmen ojagynyň namys tuglarydyr. Ertirki ojagmyzyň eýeleri edepli, ekramly, watansöýüji, utanç-haýaly, zähmetsöýer gyzlary ýetişdirmek biziň borjumyzdyr.

Ene-atalar öz perzentleriniň, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin olara dürli daşary ýurt dillerini öwretmeklige, sportuň dürli görnüşlerine gatnamaga mümkinçilik döretmeli.

Ýaşajyk gyzlarymyza ýaşlykdan başlap, öýlerimizi arassalamaklygy, tikin tikmekligi, jorap örmekligi, dokma dokamaklygy, alajalaryň dürli görnüşlerini işmekligi, umuman, zenan maşgalanyň durmuşda ýerine ýetirýän hemme işlerini öwretmeklige çalyşmalydyr.

Milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan miras galan, sünnälenip biziň günlerimize ýetirilen nepis el işlerimize, nagyşlarymyza, nepisligiň nusgasy bolan halylarymyza söýgi döretmek, geljekki nesillere ýetirmek, biz zenanlaryň, ösüp gelýän gyzlaryň mukaddes borjudyr. Pederlerimizden dowam edip gelýän «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlen pähime eýerýän halkymyzda çaga öýlerimiziň bezegi, döwrümiziň gül-gunçalary, röwşen geljegimiziň eýeleridir.

Raýatlarymyz sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolmagyň ýoly hökmünde bedenterbiýäni we sporty saýlap aldylar. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgeler dowamly ösdürilýär.

Hemişe halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Öwezowa Ogulşat,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.