20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurduň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentiň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylary hem goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek.

Ahal welaýatynda 80 müňden gowrak agaç nahallary oturdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň günbatar sebitinde, ýagny Balkan welaýatynda agaç nahallarynyň 60 müňe golaýy ekildi. Daşoguz welaýatynda dürli agaç nahallarynyň 300 müň düýbi ekiler.

Degişli resminama laýyklykda, Türkmenistanda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy.

2020-nji ýylda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp, 2021-nji ýylda bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy.

Türkmenlerde ähli döwürlerde tebigata aýawly garalypdyr. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilen tebigatymyz täsin gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen bitewülikde we sazlaşykda ýaşapdyr. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, has takygy, dag çeşmeleri, sahawatly topragy, amatly howa ýagdaýy ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam etdi. Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde gülläp ösen suwarymly ýerleriň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa ekerançylyk bilen meşgullanyp, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýär.

Biziň günlerimizde hem ülkämiziň ekologiýa abadançylygyny saklap galmak üçin bag ekmek çäresinden hiç kim çetde durmaýar. Şunda milli özboluşlylygyň aýratynlyklary hem öz beýanyny tapýar. Çünki Türkmenistanda bag nahalyny eken adam aýratyn hormat-sarpa eýe bolupdyr. Adamlar baglara syn edip, onlarça ýyl geçenden soň hem bu baglary ýetişdiren adamyň adyna alkyş aýdýarlar. Baglara hemişe-de aýawly garalýar.

 

Orazberdi Hojamuhammedow

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň 

Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.