Ähli halklarda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny barlamak, olaryň kämilleşdirilmegi üçin dürli oýunlar, tapmaçalar, matallar we beýleki güýmenjeler bolupdyr. Şeýle oýunlaryň biri hem irki döwürlerde peýda bolan tangramdyr. Ýedi sany tagta bölejiklerinden ybarat bolan bu tangramdan dürli şekilleri ýasamak öz ukyp-başarnygyňa, hyýal güýjüňi ulanyp bilmegiňe baglydyr. Birleşdirilende dörtburçluk şekilli bolýan tagta bölekleri dürli ululykdaky üçburçluk we dörtburçluk bölejiklerinden ybarat. Bu oýun geometriýany has aňsat öwrenmäge ýardam edýär. Onuň düzgünleri hem ýönekeý. Olardan bölekleriň ýerini üýtgedip, ýüzlerçe şekil döredip bolýar. Öňki döwürlerde agaçdan ýasalan bu oýnawaç häzirki wagtda plastmassadan ýa-da kagyzdan hem öndürilýär.
Tangramy ýekelikde we maşgala agzalarynyň ählisi bilen oýnamak mümkin. Aýratyn ukyp talap etmeýän tangram wagtyňyzy peýdaly geçirmäge, döredijilik ukybyňyzy artdyrmaga ýardam edýär. Bu oýnuň haçan peýda bolandygy barada anyk maglumat ýok. Tapmaça oýunlarynyň hünärmeni amerikaly Samuel Loýduň pikirine görä, tangram dört müň ýyl bäri bar. Onuň ýedi bölekden ybarat bolmagynyň hem Gündogar medeniýetinde bu sanyň şowly hasaplanýandygy bilen baglydygy bellenilýär. Bu bölekleriň Güni, Aýy, Marsy, Ýupiteri, Merkurini we Wenerany alamatlandyrýandygy hem aýdylýar.
1742-nji ýylda Ýaponiýada, 1813-nji ýylda Hytaýda çap edilen kitaplarda bu oýun barada gürrüň edilýär. XIX asyryň başlarynda Ýewropada we Amerikada tangram oýny, ondan nähili şekilleri döredip boljakdygy barada kitaplar çap edilip başlanýar. Pifagoryň tablisasynyň hem tangram arkaly döredilendigi aýdylýar. Häzirki wagtda tangramyň kompýuterde oýnalýan görnüşi hem bar. Bu oýun birnäçe asyrdan bäri dünýäniň dürli ýurtlarynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhurlygyny saklap gelýär. Soňky ýyllarda dürli reňkli we birnäçe toplumdan ybarat tangramlar peýda boldy. Olarda döredip boljak şekilleriň çyzgysy hem berilýär.