Ak aýylar Alýaska, Kanada, Grenlandiýa, Norwegiýa, Russiýa we käwagtlar Islandiýa Polýar tegeleginde duş gelýär. Haýwanlaryň sütükleri esasanam pes temperatura üçin amatlydyr, olar ömrüniň köp bölegini buzda ýaşaýarlar, týulenler bilen iýmitlenýärler. Antarktidada hem deňiz buzy, pes temperatura we týulenler bar. Onda näme üçin ol ýerde ak aýylar ýok? Jogap, Ýeriň ewolýusiýasy we geologiki taryhy bilen baglanyşykly.

Alymlar, ak aýylaryň ewolýusiýa taýdan has ýaş görnüşdigini düşündirdiler. Olar 5 mln-dan 500 000 ýyl aralygynda mundan ozal goňur aýy bilen umumy ata-babadan gelip çykypdyrlar. Ýöne 5 million ýyl mundan ozal hem yklymlar häzirki ýaly ýagdaýda bolupdyrlar, şonuň üçin ak aýylaryň polýusdan polýusa syýahat etmek mümkinçiligi ýokdy.

Güljahan HOJANIÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 105-nji toparynyñ talyby