Gündogaryň sopuçylyk ylmynyň ýazgylarynda bedewler barada «Haýwanlaryň arasynda adama iň ýakyn janawar atdyr. Çünki atyň edil adamyňky ýaly ruhy ýaşaýşy bar. Olar düýş hem görüp bilýärler» diýip bellenýär.
Bedew atlar tebigy hadysalary hem öňünden duýup bilýärler. Ata-babalarymyz «Atyňdan aýrylsaň hem gazygyňy bozma» diýen nakyly döredipdirler. Sebäbi, at öý eýesine ryzk diläp ýaşarmyş. Öý eýeleri täze jaýa göçenlerinde «Geljekde edinjek atymyz bize ryzk diläp dursun» diýip, yrym edip, gazyk kakypdyrlar. «At almankaň eýer al» diýen nakyl hem şu manyda döredilipdir.
Taryhyň dürli döwürlerinde türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň uly ähmiýeti bolupdyr. Gündelik hojalyk durmuşynda, harby hereketlerde, söweşlerde olaryň ýürekdeşligine, wepalylygyna, agyr jeňlerde bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berlipdir. Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde atyň uly ähmiýete eýedigine dogry düşünipdirler. Olar at üstünde oturan kişiniň ruhunyň hem, bedeniniň hem sagdyn bolýandygyna göz ýetiripdirler.
Türkmen bedewleriniň gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy has gadymy döwürlerden daşary ýurtly syýahatçylaryň, taryhçylaryň, alymlaryň hem dillerinden düşmändir. Milli halymyz, alabaý itimiz bilen birlikde türkmen bedewi hem gaýtalanmajak, dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyzdyr. Gadymy grek taryhçysy hem geografy Strabon «Nusaý bedewleri iň iri hem owadan atlardyr, olary şalar münýärler» diýip ýazan bolsa, Ksenofont «Ýüwrüklikde hiç zat olar bilen bäsleşip bilmez. Kepderiler we durnalar olaryň yzyndan zordan eýerýärler» diýip belleýär.
Häzirki wagtda behişdi bedewlerimiziň şöhratyny Ýer ýüzünde dabaralandyrmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işleri örän uludyr. Forumda hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, indi on iki ýyl bäri hereket edýän assosiasiýanyň bu gün ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasy bar. Şu jähetden, mejlisde döwlet Baştutanymyz tarapyndan meşhur ahalteke bedewlerimizi mundan beýläk-de dünýä tanatmak bilen bagly assosiasiýanyň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlendi.
ALLABERENOWA Aýjemal
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyby
Howandar mugallymy: Annamämmedowa Näzik