Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at.

***

At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda, är-göreşde, batyr-söweşde.

***

Är ýigidiň göwnünden eýerlenen at durar.

***

Guş – ganaty bile, ýigit – aty bile.

***

Köne dost – eýerli at.

***

Mert ýigitler saçak açar – at alar.

***

Ýigit göre-göre batyr, at çapa-çapa ýüwrük.

***

Adam namartlasa, aty-da aýagyny ýitirer.

***

Akyllynyň aty armaz, dony tozmaz.

***

At aýlanyp gazygyny tapar, är aýlanyp ilini.

***

At ady bilen, ýigit ody bilen.

***

At toýnagyn taý basar.

***

At basyşyndan belli, är – bakyşyndan.

***

At münen atasyny tanamaz.

***

Aty baryň –ganaty bar.

***

Bedew at menzil keser.

***

Bedew jul içinde belli, göwher – kül içinde.

***

At iýmeýän ajy otlar bitmese ýeg.

***

Arpa iýen at menzil keser.

***

Bagşy bilen ýagşy atyň belli baýragy bolmaz.

***

«Atym, atym!» diýseň, at bolar.

***

Atsa wepa-da bar, sapa-da.

***

Aty gamçy bilen sürme, süle bilen sür.

***

At yzy it yzyna garyşmaz.

***

Ata dost ýaly seret-de, duşman ýaly mün.

***

Ata seýis bol, şikese – seýik.

***

At saklamak – han saklamak.

***

At üstüne müneni tanar.

***

At agyna ýerde toý bolar.

Baýramyňyz gutly bolsun!

Döwletýar ARÇAMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.