Ilimiziň baky bagtyýarlyga gowşan ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar, döredilýän seýilgählerdir suw çüwdürimleri Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar, hemmeleriň ünsüni baş şäherimize çekýär. Bu ýerdäki janly tebigata özboluşly öwüşgin berýän owadan seýilgähler dynç alyş üçin arassa howasy we gülzarlyga beslenen meýdançalary bilen aýratyn tapawutlanýar.

Häzirki wagtda syýasy we ykdysady taýdan ösen şäherimiz Aşgabat ýaşaýyş-durmuş şertleri babatda hem hut şeýle. Bu hakykata paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri — gözel seýilgähleri aýdyň şaýatlyk edýär. Olar şäher ilatynyň dynç alýan iň bir söýgüli ýerleri hasaplanýar. Bagy-bossanlyga öwrülen baş şäherimiziň seýilgähleri dynç almak, gezelenç etmek we sungat bilen meşgullanmak üçin ekologiýa taýdan örän arassa gözel künjekler bolup durýar.

Mermer paýtagtymyz Aşgabatda seýilgähleri döretmek, suw çüwdürimlerini gurmak şäherimiziň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Hususan-da, şäheri ösdürmek babatda kemala getirilýän şeýle düzümleriň özara sazlaşygynyň üpjün edilmegi Aşgabadyň dünýäniň iň arassa we ösen şäher hökmünde ykrar edilmegine ýardam berýär. Munuň özi günsaýyn hemmetaraplaýyn özgerýän paýtagtymyzda ýerleşen seýilgähleriň we suw çüwdürimleriniň döredilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini doly subut edýär.

Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ýaşyl zolakly künjeklerini has-da köpeltmek hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Şu maksat bilen paýtagtymyzda bag nahallaryny ekmek yzygiderli dowam etdirilýär. Gülçülik hojalyklarynyň dürli görnüşli gülleri baş şäherimiziň ajaýyp keşbini emele getirip, giň köçelerini bezeýär, mermer paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howupsuzlygynyň menjmenti taýýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby.

Sähet Pirmuhammedow