Işiň asly, adamyň gözi kadaly iýmitlenmäge mätäç, munuň üçin esasy zat şertler bolup durýar. Bu şertler – perdesine kislorodyň kadaly girmegi. Gijelerine gabaklarymyz biziň gözlerimizi ýapanda, daşardan girýän kislorod üpjünçiligi azalýar. Bu ýagdaýda biziň gözlerimiz gan aýlanyş ulgamy arkaly iýmitlenip başlaýar. Hünärmeniň sözlerine görä, ine şular ýaly ýerde linzaly adamlar üçin kynçylyklar döräp başlaýar. Sebäbi ýatmazdan ozal aýrylmadyk linzalar bu prosese päsgel berýär, olar zerur bolan damarlary gysýarlar. Netijede zerur maddalar bedene ýeterlik mukdarda ýetip bilmeýär, bu bolsa howply keselleriň ösmegine sebäp bolup biler.

Mundan başga-da, linzalary diňe çäklendirilen wagtlarda dakmaly.Hünärmen, görüşi pes bolan hassalaryň linzalara geçeninden 10 ýyl soň, ýa äýnege gaýdyp gelýändigini ýa-da refraktiw operasiýa edilýändigini aýtdy.