Açlyk duýgusy – diýseň jedelli prosesdir. Käbir adamlar onuň peýdalydygyny aýdýarlar. Käbir adamlar bolsa iýmitden düýpgöter ýüz öwürmegiň ýiti garşydaşy bolup durýarlar.
Meşhur terapewt-lukmany we teleýaýlym alyp baryjysy Ýelena Malyşewa aç durmaklygyň bedene gaty zyýan berip biljekdigini gürrüň berdi. Hünärmeniň sözlerine görä, horlanmak maksady bilen açlyk çekýän adamyň bagyry ýagy işjeň ýygnaýar.
Netijede, beýle adam bagyryň ýagly distrofiýa keseline duçar bolýar. Geň ýeri, bu kesel köplenç ýagdaýlarda aşa semiz adamlarda duş gelýär.
Malyşewa horlanylýan döwürde hünärmen bilen maslahatlaşmagyň möhümdigini aýratyn nygtady.