Arizona uniwersiteti tarapyndan geçirilen soňky gözlegde, biziň ulanýan telefonlarymyzda adaty hajathana oturgyjyndakydan hem has köp mikrob bolup biljekdigi anyklandy. Bu bolsa smartfonyň wagtal-wagtal arassalap durmalydygyny esasanam munuň iň köp özara täsirleşýän ekranyň ýüzüne degişlidigini aňladýar. XDA-Developer neşiri muny nädip etmelidigini gürrüň berdi.

Eger-de, ýörite ekrany arassalaýjy serişde satyn almak islemeýän bolsaňyz, özüňiz ýasap bilersiňiz. Munuň üçin gaýnadylyp arassalanan suwuň we ak sirkäniň erginini 50:50 deňeçerlikde taýýarlaň. Sirkäni 70% izopropil spirti bilen çalşyp bolar.

Süpürmek üçin mikrofiber mata ýa-da ýörite süpürgiç ulanyň. Aýratyn çalt ulanyjylar ultramelewşe dezinfeksiýa enjamlaryny satyn alyp bilerler.

Selbinýaz ATAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 102-nji toparyň talyby