Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, dünýä ylmyndan, tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramagyň häzirkizaman möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp bilýän ýaş nesilleriň, bilim işgärleriniň uly bir tapgyry kemala gelýär.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu  ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda okatmagyň täzeçil usullaryny işjeň ornaşdyrmak, häzirki zamanyň bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini ulanmak, bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek babatda anyk çäreler görülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda milli ýörelgelere we dünýäniň öse tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny, ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Yzygiderli ösdürilýän sanly bilim ulgamy elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini öz içine alýar. Bu bolsa okatmagyň täzeçil usullaryny ornaşdyrmaga, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmäge şertleri döredýär. Okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek şu günüň möhüm wezipesidir. Çünki döwür bilen, dünýä bilen aýakdaş gadam urmak bizi belent sepgitlere ýetirjek esasdyr. Soňky wagtlarda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr orta mekdepleriň okuwçylarynyň halkara ders bäsleşiklerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp dünýä derejesinde üstünlikli çykyş etmekleri şeýle esasdan ýaşlaryň dogry peýdalanyp bilýändigini aňladýar.

Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýakynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýaşlara maglumat we sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, kompýuter we maglumatlar ulgamynda täze ylmy taglymatlary, tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek,  sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň ýokary medeniýetini terbiýelemek ýaly ýörite bölümler hem göz öňünde tutulandyr.

Ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek üçin ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna bu günki günde alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, eşretli zamananyň eşretini duýup, bagtyýarlyk kuýaşyna çoýunyp ýaşamagymyz üçin bimöçber aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun! Tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mekan ROZYÝEW,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.