Global temperaturanyň ýokarlanmagy süýt senagaty üçin çynlakaý meseleleri döredýär – sygyrlaryň käbir tohumlarynda süýt öndürmeklik, yssy howalarda 30-70% peselip biler. Şeýle hem bolsa alymlar meseläniň çözgüdini tapdylar.
Gözlegçiler, ýylylyk stresine sezewar bolan süýtli sygyrlarda, içegäniň syzdyryjylygynyň güýjeýändigini, bu bolsa süýdüň öndürilişiniň azalmagyna sebäp bolýandygyny anykladylar. Şeýle hem gözlegçiler, sygyrlary organiki kislotalar we arassa ösümlik serişdeleri bilen iýmitlendirseň, süýt önümçiliginiň bölekleýin dikeldip boljakdygyny anykladylar.
Bu gözleg, global temperaturanyň ýokarlanmagyna görä.süýt önümçiliginiň netijeliligini we durnuklylygyny saklamaga kömek eder.
Mergenowa Şeker,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby.