Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, baýlaşdyrmak, dünýä ýaýmak ugrunda tutumly işler geçirilýär. Dünýä halklarynyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga we tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri açýan halkara medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy medeni gymmatlyklarymyzy, mirasymyzy täze öwüşginde açyp görkezmäge şert döretdi. Täze taryhy döwür medeniýetimize, sungatymyza, dünýä belli şahsyýetlerimize aýratyn hormat goýulýan zamanadyr. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen çözgüt ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň subutnamasydyr hem-de medeni hyzmatdaşlygyň täze basgançaklara çykýandygynyň alamatydyr.

Belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Magtymguly — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän şahyr» diýip belleýşi ýaly, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi bolup, döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň aňymyzda ýaşaýar. Akyldara dünýä möçberinde uly hormat-sarpanyň goýulmagy onuň miras goýan eserleriniň gymmatyny ýene bir gezek bütin dünýä ýaýýar. 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheri baý taryhy-medeni ýadygärlikleri özünde jemlemek bilen, irki döwürlerde medeniýetiň ösen ýeri hökmünde taryhda mynasyp ornuny tapýar.

Leýla GYLYÇMÄMMEDOWA,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby.