Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan ösüşler, makroykdysady durnuklylyk, pudaklarda ýetilýän belent sepgitler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkidýär. Şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ilatynyň girdejilerini yzygiderli artdyrmaga we adam maýasyny ösdürmäge hem-de şahsy başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde hem döwrebap hassahanalaryň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň ençemesi guruldy we ýene-de ençemesiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek baradaky» Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 17 – 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. 2021-nji ýylyň dekabr aýynda ilat ýazuwynyň synag tapgyry üstünlikli geçirildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geljekde Watanymyzyň ykdysady taýdan ösüşi bilen bagly çaklamalary düzmekde, meýilnamalary kabul etmekde ýokary ähmiýete eýe bolar.
«Ilat ýazuwy — 2022: jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» şygary bilen geçiriljek ilat ýazuwy Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolandan bäri üçünji gezek geçirilýär. 1995-nji we 2012-nji ýyllarda geçirilen ilat ýazuwlary üstünlikli geçirildi. Şu ýylda geçiriljek ilat ýazuwynyň esasy maksady ýurdumyzyň ilaty, demografiki düzümi we ilatyň durmuş şertleri barada döwlet hem-de jemgyýetçilik ösüşiniň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan doly maglumat almakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň ilatynyň sany, paýlanyşy we häsiýetnamalary baradaky maglumat onuň ykdysady, durmuş we demografiki ýagdaýyny kesgitleýär. Bu bolsa ýurdumyzyň we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen esasy syýasaty we maksatnamalary işläp düzmek üçin zerurdyr.
«Ilat ýazuwy — 2022: jebislik, bagtyýarlyk, röwşen geljek» şygary bilen dekabr aýynda geçiriljek ilat ýazuwy halkymyzyň asudalygyny, parahatlygyny, agzybirligini, jebisligini üpjün etmekde hem-de röwşen geljegimizi nazarlaýan beýik maksatlara ýetmekde möhüm waka bolar.
Ösüşleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Rüstem GURBANOW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyñ 5-nji ýyl talyby