2023-nji ýyla “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Munuň özi Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan bagtyýar ýaşlara bildirilýän ynamy aňladýar. Bu bolsa ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuna, olaryň yhlasyna we ýadawsyz zähmetine bil baglamak ýaly asylly işleriň häzirki döwrüň ruhuna laýyk ýagdaýda ösdürilýändigini äşgär edýär.

Ylym we bilim islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçiliklerini meýilnamalaýyn esasda berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýokary hünärli, maksada okgunly, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini aýratyn nygtady. Watanymyzyň ykbaly, häzirki we geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda giňden tagallalar edýän döwlet Baştutanymyzyň häzirki döwürde öňe sürýän başlangyçlary milletiň ylym-bilim mümkinçiliklerini has doly amala aşyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ýaşlaryň ylmy-tehniki ýörelgeleriň okgunly ösüşine, adam mümkinçilikleriniň derejesine işjeň goşulyşmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Maýa Gurbangeldiýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy