Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Milli senenamamyzda esasy baýramlaryň biri bolan Halkara zenanlar güni bahar paslynyň ilkinji aýynda Türkmenistanda giňden bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli mart aýynyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde giň gerimli baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Baýramçylyga gabatlanyp, “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň jemi jemleniler, “Talyp gözeli — 2023” atly gözellik bäsleşigi, köp çagaly maşgalalaryň arasynda “Sagdyn maşgala — sagdyn nesil” atly estafeta bäsleşigi geçiriler.
7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolanlary sylaglamak dabarasy geçiriler. Şol gün Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar zenanlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Ajaýyp Seýdowa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby