Türkmenistan we türkmen milletiniň 5 müň ýyl çemesi medeni taryhy bu gün ylym dünýsinde aýdyňlaşdy. Güneşli Türkmenistanymyz ençeme medeniýetiň ojagy we türkmen milleti bolsa, bu medeniýetleriň hakyky hem kanunalaýyk mirasdüşeridir.Elbetde nijeme syýahatcylaryň, ylym adamlarynyň ýoly bolan kerwen ýollary biziň ýurdumyzyň üstünden geçipdir. Türkmen halky öz myhmansöýerligi hem-de işjanlylygy bilen , özleriniň haly- palaslarydyr, tara önümleri bilen syýahatçylary hem-de jahankeşdeleri özüne çekipdir.

Kerwen ýollarynyň üsti bilen baryp- ha müňýyllyklaryň gatlaryna siňip gidýän kerwen yzlary bu günki gün bagtyýar zamana- da täze yzlaryna ýol açdy. Munuň özi Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täzeden dünýä uzaýan onlaýyn –kerwen ýollarynyň hakyky mana eýe bolmagyna getirýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde bolsa, türkmen halkynyň geçmişine sarpa goýup, ýagty gelejegini nazarlaýandygynyň alamatydyr. Munuň özi Türkmenistanyň içinde hereket edýän syýahatçylyk ugry boýunça edilýän işlerinde hem- de ykdysadyýetçileriniň täze zamananyň ýaňy bilen bäsleşýän ýollaryna hem öz täsirini ýetirýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen Türkmenistana gelmek üçin petek almak, haýsy ýerde , nähili taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýändigini bilmek ugurlary hem häzriki döwürde has-da kämilleşdi.Jahankeşdeleriň islegli ýeri bolan türkmen topragy gadymy asyrlardan bäri kerwen ýollarynyň üsti bilen gelinse- de häzirki zaman döwrebap uçar, demirýol, gara ýollar hem bu üstünligiň açaryny özünde saklaýar we şol kerwen ýollarynyň üsti bilen syýahatçylaryň ýurdumyza gelmegine mümkinçilik döredýär.

Türkmeniň milli mirasy, onuň ruhy ahlagyny düzýän dili we edebiýaty hiç halkyňkydan pes däl. Onsoňam her halk dünýäniň iň gadymy halklarynyň sanawyna girip bilmeýär. Emma türkmen halky şol sanawda ilkinji nobatlarda dur. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini sarpalap, täze- täze kitaplary ýazmagy, şeýle kitaplarda halkyň ruhy hazynasynyň ummanyny beýik medeniýetiň susup almasyna esas bolandygyny beýan etmesi bolsa, halk medeniýetiniň gyzyldan gymmatly hazynadygyny subut edýär.

Halk hazynasynda saklanan ýadygärlik ýazgylar hem-de gadymy taryhy ýerler bir nama eýe bolmagy bu hem biziň halkymyzda iň beýik medeniýetleriň ölçegini birleşdirýän dünýägaraýyşdyr. Şeýle gözel topragymyza ýaşap, döredip, zähmet çekip, bagtyýar ýaşlar bolup ýetişmegimizde edilýän aladalar hem biziň syýahatçylyk ugry boýunça gelejekde kämil hünärmenler bolup ýetişmegimize mümkinçilik döredýär. Şeýle gözel topraga ser salanyňda öz topragyň gadymy kerwen ýollaryna bolan buýsanjyň artýar. Türkmeniň myhmanparazlyk medeniýetiniň deňi- taýy ýok duýgysy bilen her gezek kerwen ýollary hakydaňa dolanda ýatlasyň gelýär.

Türkmen Halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezmes bilen türkmen medeniýetinden, sungatyndan, edebiýatyndan ylham alyp, beýik bir hazyna halkyny eýe etmek üçin edýän aladalaryny biz hem öz ugrumyz boýunça durmuşa geçirmäge borçlydyrys. Her bir ýerde halk medeniýetini özleşdirmäge ýardam berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ýurdumyz abadan bolsun!

Kömekow Allanur Aşyrmämmedowiç,

Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.