Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» döwletimiziň bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmegiň talaplaryny we ýollaryny kesgitleýän strategik häsiýetli resminama bolmak bilen, onuň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşlerine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim almak, bilim bermek arkaly bu ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde meýilleşdirilen çäreler boýunça bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, sanly bilim portallary hereket edýär. Sanly bilim portallary elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary ýaly bölümleri öz içine alýar.
Talyplaryň bilim derejelerini has-da ösdürmek üçin sanly ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, täze bilim edaralary döredilýär. Interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, okatmagyň we terbiýe bermegiň ýokary şertleri döredilip bina edilen orta mekdepler we ýokary okuw mekdepler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sanly ulgamy ösdürmek syýasatynyň netijeleridir. Bularyň ählisi ýaş nesliň ýaşaýyş derejesiniň has-da gowulaşmagyna, olaryň zehin-başarnyklarynyň artmagyna, bilim-başarnyklarynyň kämilleşmegine örän oňaýly täsirini ýetirýär.

Begenç BÄŞIMOW,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň talyby