Innowasiýa täze ugurtapyjy pikirleri öz içine almak bilen, adam durmuşyndaky ähmiýeti örän täsirlidir. Ugurtapyjylyk bolsa,döredijiligiň giň manysyndaky bir orny bolup, dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeler, täze ylmy açyşlar, oýlap tapyşlaryň özeni bolup durýar.
Dünýäde innowasiýa bilen nä derejede üýtgeýänligi hemmä mälimdir. Oňa iň bir ýönekeýje mysal hökmünde “ýagtylanýan saýawany”görkezmek bolar.Bu saýawanyň adatdakylardan tapawudy yşyk bilen ýagtylandyryp, garaňkylyk ýa-da ýagyşly howada ýagtylyk seçip, ýoly has gowy görüp bilmek üçin niýetlenendir.
Mälim bolşy ýaly, saýawanyň uzak taryhy 4000 ýyl mundan ozalky döwüre uzap gidýär. Müsüriň, Gresiýanyň we Hytaýyň gadymy sungat eserlerinde saýawan bar. Günden goraýan saýawanyň ilkinji gezek ulanylyşy 3500 ýyl mundan ozal Müsürden gelýär. Ilkibaşda taýaga dakylýan palma ýapraklarynyň ýönekeý konfigurasiýalary bilen ulanylýan Müsür saýawanlary ilki dini ýolbaşçylar we korollyk tarapyndan ulanylýan obýekt bolupdyr. Saýawanlar ilki palma ýapragyndan soň bolsa agaçdan ýa-da delfin süňkünden ýasalypdyr. Ilki bilen diňe aýallar üçin amatly ” aksessuar ” hasaplansada, pars syýahatçysy we ýazyjysy Jonas Hanweý Angliýada köpçülikleýin saýawan alyp ulandy.
Indi saýawanlaryň ulanylmagy erkekler üçin hem meşhur boldy. Iňlis jenaplary saýawanlary ” Hanweý ” diýip atlandyrýardylar. 1852-nji ýylda iňlis ugurtapyjy Samuel Fox kiçi we ulanmaga oňaýly ilkinji saýawany döretdi. Ol ýantorbada aňsat göterip hem-de gatlanyp bolýan portatiw saýawandy.
1830-njy ýylda Londonda ” James Smith and Sons ” atly dükan ilkinji saýawan dükany hasaplanýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby
Gulmämmedow Baýrammyrat

RU



