Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany. Irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň ýerligi, gölleri, nagyşlary, esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Türkmen halylarynda gyzyl reňkiň agdyklyk etmegi bolsa dürli delilleriň, mysallaryň üsti bilen beýan edilýär. Gyzyl reňk adamzat tarapyndan irki döwürlerde ulanylyp başlanan reňk hasaplanylýar. Arheologlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň çäklerinde irki daş asyrynda (miladydan öňki sekizinji, dokuzynjy, onunjy müňýyllyklarda) ýaşan adamlar diýlip, Hazar deňziniň kenaryndaky Gaýly, Jebel, Damdamçeşme ýaly gowaklarda ýaşan adamlar hasaplanylýar. Şol gowak adamlarynyň ýaşaýyş şertleri, däp-dessurlary, adatlary öwrenilende, şol döwürlerde daş gurallaryny, degirmenleri, aw gurallaryny, aýal-gyzlaryň bezeg şaýlaryny, küýzeleri, sokulary ýasap bilendikleri, olaryň ýönekeý bezeler bilen ýerligi gyzyl, nagyşlary bolsa gara reňk bilen bezäp bilendikleri ýüze çykaryldy.
Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşyp, göllerinde, nagyşlarynda ýagty reňkler ulanylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişiklere eýe bolunýar. Halyçylyk sungatynyň döremegine we kämilleşmegine ýardam beren esasy şertleriň birnäçesiniň keremli topragymyzda jemlenendigini bellemek buýsançlydyr. Ýaz gyrkymy, inçeligi hem ýüpek ýaly ýumşaklygy bilen tapawutlanýan saryja goýunlaryň ýüňi el halylary dokamakda iň zerur bolan çig maldyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan sungatymyzy, milliligimizi bilmäge, olary has giňden ýaşlaryň arasynda öwrenmäge, gadymy görnüşleri täzeden dikeltmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şoňa göräde her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Milli haly baýramy giňden bellenip geçirilýär.
Türkmen halysy halkymyzyň jahana peşgeş beren bakylyk çaparydyr. Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagynyň syry hem şundady.

Dädemyradowa Gülçeper,

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 1-nji ýyl talyby.