Bu gün mähriban diýarymyz şanly toýuň bosagasynda dur. Halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň hasyl bolanyna 32 ýyl boldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjy hem guwanjydyr. Berkarar  döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň buýsanjydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy , ykdysady  we medeni ugurlarda uly üstünlikleri  gazandy. ,, Arkadag Serdarly  bagtyýar ýaşlar ýyly “ şygary astynda geçýän şu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň , sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar.

Garaşsyzlyk külli türkmen döwletimiziň bagtydyr.

Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy.

Garaşsyzlyk- milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň täze belentliklere göterilmesidir,  türkmen  ruhunyň            we          mertebesiniň  täzeden  dabaralanmasydyr.

Garaşsyz özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan watany!  Türkmen halky bu gün öz bagtyna- dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar.

      Mährijemal  AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň  talyby.