Ýurdumyzda 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasy girip geldi. Garaşsyzlyk bu – biziň barlygymyz . Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşumyzy gurşap aldy.

Garaşsyzlyk bu biziň baş baýramymyzdyr, buýsanjymyzdyr, şanymyzdyr! Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaşdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açyldy we ulanylmaga berildi. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiňiz!

        Ogulnäz AMANGELDIÝEWA,

        Pälwan  MUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyplary.