Umumadamzat durmuşynyň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk halkyň, Watanyň barlygydyr. Halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan halkara hukugynda umumy ykrar edilen mizemez ýörelgesine esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwlet boldy. Garaşsyz döwlet — munuň özi diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar.

Bu gün mähriban Diýarymyz şanly toýuň bosagasynda . Halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada köp ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna 32 ýyl doldy. Şu mynasybetli Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde köp sanly durmuş maksatly binalaryň, önümçilik desgalarynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Arkadagly Serdarymyzyň  taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramyny giňden uly toýa şatlyk şowhuna besläp bellemek işleri alynyp barylýar.  Ýurdumyzyň her bir künjeginde Garaşsyzlyk toýy toýlanýar.

Biz hem şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy  aýdýarys.Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy gutly mübärek bolsun!

Süleýman AGAÝEW,

Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň

Inžiner mehanika fakultetiniň talyby