Ýurdumyz şanly wakalrdan doly. Her gün , her säher täze galkynyşyň eýesi bolan halkymyz ýaňy – ýakynda açylan ajaýyp, Aziýa merjeni bolan Arkadag şäheriniň gözelligine eýe bolmaga we görmäge mynasyp boldy.
Halkymyzyň eşretli döwranda ýaşap, il- halkymyzyň rahat hem-de ähli amatlyklary bolan jaýlarda ýaşamak üçin edilýän şertleri bu günki gün halkymyzyň ösen ykdysady ugurlar boýunça ýurdumyzda üpjünçiligiň ýola goýulandygyny alamatlandyrýar.
“Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr”- diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda – gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini has- da gowulandyrmak babatda iňňän uly işler alnyp barylýar.Bu aýdylanlara täze, döwrebap Arkadag şäheriniň açylmagy halkymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem- de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.Bu şäher gözelligiň, bakylygyň şäheri. Bu şäherde gözellikler , gülki sesleri gaýnap joşýar. Çagalarymyz bagtyýar gelejege taýynlyk görýär.Halkyň gül ýüzi bu şäherde öňküsinden hem gül açýar.Munuň özi halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmaga doly mmükinçilik berýär.
Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Bu bolsa, halkymyzyň öz geçmişine goýýan hormatynyň we gelejege sylagyň nyşanydyr. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, öz watanyny jany- teni bilen söýýän edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy şeýle-de «Berdimuhamet Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň admalar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlarynyň çäklerinde «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar.
Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy we «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmagy munuň özi halkymyzy diýseň buýsandyrýar.Mundan başga-da batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we « Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmagy, welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran,beýik nesillerden ýadygär galdyrylan, şeýle-de halkymyzyň söýgüsini gazanan, kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy biziň ruhy mirasymyza ýene bir gezek hormaty ör- boýuna galdyrýandygymyzyň alamatydyr.
«Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana» diýip atlandyrmagy, drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmagy bolsa, biziň ähli teatr işgärlerimiziň kalbynda uly joşgun, ýatdan çykmajak ýadygärlik goýdy.Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry,täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň «Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy bolsa, ýurdumyzda bagşyçylyk, aýdym- saz sungatyna bolan beýik medeniýetleriň arasyndaky baglanşygyň bardygyndan habar berýär.
Elbetde bagtyýarlygyň ýene bir öçmez ojagy bolan bu şäheriň gözelligini görmäge göz gerek. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Türkmen Halkynyň milli Lideri gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp- köp sag bolsun aýdýarys!Biz ýaşlar hem gelejekde ýurdumyzy gülletmek üçin elimizde baryny edip, işläris, zähmet çekeris we gelejekde ýokary derejeleri gazanarys diýip,umyt edýäris.
MUHAMMEDOW ŞÖHRAT
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň müdiri

RU












