Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, taýsyz tagallalary bilen eziz ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär, toýdur baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem Türkmenistan Watanymyz ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk senesini uly ruhubelentlikde garşylaýar. Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy. Garaşsyzlykbeýik dereje hem gymmatlyk. Garaşsyzlyk – merdana pederlerimiziň wysal bolan arzuwy. Dana akyldarşahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamany Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz başymyzyň täji, ýüzümiziň tuwagy, köňülleriň buýsanjy. Mundan 32 ýyl ozal, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysadyýeti bolan, dünýä bileleşiginde uly at-abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bagtdan paýly mähriban halkymyz yhlas hem hyjuw bilen halal zähmet çekip, döwletli döwranyna buýsanýar, eziz ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşandyny goşýar.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: ”Garaşsyz Watanymyz biziň her birimiz üçin ezizdir, onuň şan-şöhratyny has-da belende götermek uly bagtdyr” diýen parasatly sözleri ata ýurdumyzy ösüşlere beslemekde beýik işlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk döwletimiziň mizemezliginiň, agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady, ol halkymyzyň milli buýsanjydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlarda ösüşlere beslenen ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, taryhyny içgin öwrenmekde, aýawly saklamakda we ony dünýä ýaýmakda, ylym-bilimi, türkmen sportuny ösdürmekde uly işler alnyp baryldy. Ynha bu ýyl hem merdana türkmen halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny uly joşgun, uly buýsanç bilen dabaraly ýagdaýda garşylaýar. Şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjekleri toý lybasyna bürenýär, medeni çäreler ýaýbaňlandyrylýar, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler gurnalýar. Onda ataWatanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejesini, beýik sepgitlerini, her bir pudaklarda gazanylan üstünlikleri, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp halylary döwrümizi wasp edýän ajaýyp surat eserlerigiňişleýin açylyp görkezilýär.

Dünýägözel ARAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.