Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, türkmen alabaý itleri dünýäde uly şöhrat şana eýe boldy.
Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň biridir. Bu babatda ahalteke bedewlerimiziň hem-de türkmen alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalar edilýär.
Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylary we atşynaslary tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär.
Ahalteke bedewlerimiz biziň buýsanjymyz hasaplanýar. Halkymyz atlary mukaddes hasaplaýar. Ata babalarymyzyň:
,,Irden turup ataňy gör , ataňdan soň atyňy” diýen parasatly sözleri hem atlaryň şeýle ýokary gymmatlyga deňelýändiginiň şaýadydyr.