Günleri nurly Güneşiň çogy kimin sahawatly gelýän Diýarymyzda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan ümmülmez Älem giňişliginde abraýly ornuny tapdy. Şanly senelere beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan her bir günümiz asyrlaryň akymyna öwrülip, barlyga baýlyk, ykballara bagtyýarlyk eçilýär.
Türkmen toý toýlaýar täze ojakda,
Onuň waspyn etmek ajapdyr örän.
Baky bagtyň bu Arkadag şäheri,
Milli Lidermiziň pähminden dörän.
Döwrümiziň Beýik şahsyýeti Gahryman Arkadagymyzyň köňül mährinden, dürdäne pähminden gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan Türkmenistan ýurdumyzyň kartasynda şeýle bir şäher peýda boldy. Bu şäher ata Watanymyzda binýat bolan iň ilkinji “akylly şäher”, ol – ARKADAG şäheridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatlylygyndan kemal tapan bu şäher ir wagtlardan bäri merdana halkymyzyň jemgyýeti edara etmek, kämil döwlet gurmak we ony dolandyrmak ýaly asylly işlerine gönüden göni gabat gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu aýdyň subutnama bolsa Arkadagly Serdarymyzyň: “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip, nygtaýan pähime ýugrulan ganatly sözleri bilen eriş-argaç kimin baglanyşyklydyr.
Çünki binýady döwletlilikden we mizemizlikden tutulan bu Arkadag şäheri baky bagtyýarlygyň, ýaşlygyň, nowjuwanlygyň we ýaşlaryň şäheridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kemal tapan Arkadag şäheri bu gün ýurdumyzyň sene ýazgysyna müň öwüşginli sahypa bolup girýär. Döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşi, milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, baý taryhy we medeni däplerimiz öz beýanyny tapýar. Muny biz Arkadag şäherinde bina edilen desgalaryň atlarynda hem görüp bilýäris. Görnükli taryhy şahsyýetlerimiz bolan Aba Annaýewiň, Berdimuhamet Annaýewiň, Saçly Dursunowanyň, Görogly begiň, Döwletmämmet Azadynyň, Aman Gulmämmedowyň, Sahy Jepbarowyň, Şükür bagşynyň atlarynyň dakylyp, olaryň ebedileşdirilmegi beýik hormatdan nyşandyr. Bu ýerde ýörite ugurlara ýöriteleşdirilip döwrebaplaşdyrylan orta mekdeplerdir çagalar baglary halkymyzyň ýaş nesline aýratyn alada bilen garaýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň durmuş-ykdysady taýdan galkynýan döwrüne öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň yhlasyndan myrat tapan Arkadag şäheri ýürekleriň çyragydyr. Bakan ýerine bagt bolup seredýän, gadam basan ýerinde gül-gülzarlyk döredýän hormatly Arkadagymyzyň, öz öňünde goýan belent maksatlaryna ýetmek ugrunda türkmen halkynyň jebisligine, merdanalygyna bil baglaýan Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

RU



